Aşgabatda 0655 gysga belgä taksi sargyt etmek hyzmaty ýola goýuldy

17:0018.10.2021
0
39809

Raýatlara edilýän awtoulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, has-da kämilleşdirmek maksady bilen Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin hyzmat edýän jemgyýetçilik ulaglaryna, ýagny taksi ulaglaryna sargyt etmegiň täze görnüşi ýola goýuldy. «Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysga 0655 belgisine jaň edip, taksi awtoulagyny sargyt etmek hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web sahypasyna habar berilýär.

Müşderiler täze ýola goýlan 0655 gysga belgä günüň islendik wagty jaň edip, öz salgysyna taksi ulagyny sargyt edip bilerler. Taksi sargyt etmek üçin ýola goýlan hyzmatyň gysga belgide bolmagy müşderileriň ýadynda gowy galmagyna ýardam edýär.

Täze 0655 gysga belginiň ozalkysyndan tapawutly tarapy bu belgi müşderilere islendik wagt habarlaşmak üçin elýeterlidir.

Her gün irden sagat 06:00-dan 14:00-a çenli taksi ulagyny sargyt eden müşderi diňe sargyt üçin 7 manat tölemeli, her kilometr ýol üçin bolsa müşderi 1 manat 20 teňňe tölemeli bolar. Eger-de taksi müşderiniň salgysyna gelip, oňa 2 minutdan köp garaşýan ýagdaýynda onda müşderi garaşylan her minut üçin 70 teňňe tölemeli bolýar.

Raýatlar günüň ikinji ýarymynda, ýagny 14:00-dan, irden sagat 06:00-a çenli taksi ulagyny sargyt edenlerinde olar taksi hyzmatynyň sargydy üçin 9 manat, şeýle-de her geçilen kilometr ýol üçin 1 manat 44 teňňe tölemeli bolýarlar.

Taksi ulagy müşderiniň salgysyna gelenden soň, müşderi ony 2 minutdan köp garaşdyrsa, onda garaşylan her minut üçin 90 teňňe tölemeli bolýar. Eger-de sargyt edilen taksi ulagy müşderiniň salgysyna geliň müşderä 2 minutdan köp garaşan ýagdaýynda müşderi garaşylan her minut üçin 90 deňňe tölemeli bolýar.

Taksi hyzmatynyň tölegi azyndan 20 manat bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň