Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-eýran serhedinde ýene bir barlag-geçiş nokady açyldy

16:2215.10.2021
0
18988

Türkmen-eýran serhedindäki Inçeburun barlag-geçiş nokady 14-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Eýranyň häkimiýetleriniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäginde işine täzeden başlady. Bu barada «CentralAsia.news» habar saýty Eýranyň «Mehr» habarlar gullugyna salgylanyp habar berdi.

Eýrandan täjirçilik ýüklerini daşaýan ulaglar soňky 20 aýda serhetden geçer. Taraplar harytlaryň Eýranyň ýük awtoulaglary bilen Türkmenistana girjekdigi we türkmen logistika kompaniýalarynyň soňky nokatlaryna eltjekdigi barada ylalaşdylar.

«Inçeburun serhet geçelgesi koronawirus ýokançlygy sebäpli geçen ýylyň mart aýynda ýapyldy. Şol bir wagtyň özünde, Horasan-Rezawi welaýatynda ýerleşýän Bajgyran gözegçilik nokady hem işlemegini bes etdi. Ol şu güne çenli ýapyk» diýip, Eýranyň gümrük gullugynyň başlygy Seýid Ruholla Latifi ýagdaýlar barada maglumat berdi.

Aşgabat mundan öň ýük awtoulaglary üçin ýörite dezinfeksiýa nkatlary gurlan Saragt we Lutfabad barlag nokatlarynyň açylmagyna rugsat beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň