Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Boss» witaminli içgisinden ýeňil awtoulag utan aýdymçy zenana mynasyp bolan baýragy gowşuryldy

11:4904.10.2021
0
3621

Lebaply aýdymçy zenan Gülälek Şirowanyň «Ak ýol» hususy kärhanasynyň Lebap welaýatynda geçirilen utuşly aksiýasynyň baş baýraklarynyň birine ― «Toyota Corolla» kysymly ýeňil ulaga mynasyp bolandygyny habar beripdik. Düýn, «Lebap» söwda-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oňa mynasyp bolan baýragy gowşuryldy.

Täze ulag «Ak ýol» hususy kärhanasy tarapyndan öndürilýän «Ýiti» we «Boss» witaminli içgileri üçin goýlan baýraklaryň diňe biridir. Bu içgileriň umumy baýrak hazynasynda sowadyjylaryň, telewizorlaryň, öý üçin beýleki enjamlaryň we smartfonlaryň onlarçasy bar. Olaryň agramly bölegi eýýäm eýelerine gowuşdy. Ýylyň ahyryna çenli dowam etjek utuşly aksiýada ýene-de onlarça baýrak eýelerine gowuşýar. Bu utuşlaryň «Ak ýol» hususy kärhanasynyň «Ýiti» we «Boss» witaminli içgilerinden çykýandygyny ýene bir ýola ýatladýarys.

Baş baýrak hökmünde-de, ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, 2010-njy ýylda öndürilen «Toyota Corolla» ulaglarynyň ikisi goýuldy. Ýakynda olaryň birine Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artist-wokalisti Gülälek Şirowa mynasyp boldy.

Bu şeýle boldy. Işden soň öýüne dolanan aýdymçy, adata görä, dükandan «Boss» içgisini satyn alyp, öýe girdi. Deň-duşlaryndan we ululardan bu içginiň gapagyndan utuşyň çykýandygyny eşiden aýdymçy zenanyň gyzy Söýli ejesi öýe girer-girmez witaminli içginiň gapagyny açyp, onuň içindäki ýazgy bilen gyzyklandy. Ine, saňa gerek bolsa! Bu gezek «Täzeden synanyşyň!» diýen ýazgy däl-de, ulagyň suraty çykdy. Eneli-gyz ýagdaýa birbada ynanyp bilmedi. Diňe, «Ak ýol» hususy kärhanasyna jaň edensoňlar, özleriniň ulag utandyklaryny bilip galdylar...

Geçen ýekşenbede bolsa, olara mynasyp bolan baýragy ― ak reňkli «Toyota Corolla» gowşuryldy. «Lebap» söwda-dynç alyş merkeziniň öňünde geçirilen bu dabara hususy kärhanasynyň welaýat bölüminiň wekilleri, aýdymçy zenanlaryň ýakynlary we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Olar Gülälek Şirowany mynasyp bolan utuşy bilen gutladylar. Kompaniýanyň wekilleri bolsa aýdymçy zenana täze ulagyň açaryny gowşurdylar.

Ýeri gelende aýtsak, Gülälek Şirowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň hem ýeňijisi boldy. Şeýlelikde, Gülälek bary-ýogy iki hepdäniň içinde hem şa serpaýynyň, hem täze ulagyň eýesi boldy.

«Ak ýol» hususy kärhanasynyň geçirýän utuşly aksiýasyndan siziň hem paýyňyz bar. Synanyşyň! Belki, indiki uly baýraklaryň eýesi siz bolarsyňyz. Ýeri gelende, hususy kärhananyň welaýat bölüminň wekilleri ýakynda önümçilige goýberiljek «Ak ýol Kola» we «Ak ýol Fanta» içgileri üçin hem utuşly aksiýalaryň yglan ediljekdigini buşlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň