Soňky habarlar

Arhiw

«Takata» howpsuzlyk ýassyklary ýerleşdirilen awtoulaglarda barlag işleri geçirilýär

15:0624.09.2021
0
1005

Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasy (NHTSA) Ýaponiýanyň “Takata Corp.” kompaniýasynyň önümi bolan awtoulag howpsuzlyk ýassyklarynyň näsazlygy bilen bagly derňew işlerine girişdi. Bu barada ýurduň habar beriş serişdeleri ýazýar.

Barlaglar 20 sany awtoulag öndürijilere degişli bolan we 2001-2019-njy ýyllar aralygynda öndürilen ulaglaryň 30 millionynda geçiriler. Şeýle kompaniýalara Ford Motor, General Motors, Honda Motor Co., Nissan Motor, Subaru, Ferrari NV, Mazda, Toyota Motor Corp., BMW, Jaguar Land Rover, Tesla, Daimler AG we Chrylser awtokonsernleri girýär.

2013-2020-nji ýyllarda hem Takata ýapon firmasynyň 100 million howpsuzlyk ýassyklarynyň näsaz işleýandigi belli edilipdi, şol näsazlyklar sebäpli 30-a golaý adam pida bolup, 400-den gowrak adam şikes aldy.

Takata – 1933-nji ýylda döredilen maşgala korporasiýasydyr, ol ilkibada paraşýutlar üçin gerekli bölekleri öndürýärdi. Howpsuzlyk ýassyklarynyň önümçiligine 1980-nji ýyllarda Honda Motor Co. kompaniýasynyň teklibi boýunça girişdi. Takata tizara öz önümçiligini giňeltdi, Günorta Koreýada, ABŞ-da we Beýik Britaniýada kärhanalaryny açdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň