Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň bazarynda ýandak tagamly «Bold Wild Edition» şerbeti peýda boldy

22:2322.09.2021
0
14466

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti alkogolsyz içgileri halaýanlar üçin ajaýyp sowgady – ýandak tagamly «Bold Wild Edition» şerbetini taýýarlady.

Öndürijiler adaty türkmen däplerine eýerip, miwelerden we otlardan tebigy şerbet ýasamaklygyň özboluşly taýýarlanyş usuly boýunça täze içgi döretdiler.

Milli türkmen aşhanasyna degişli bolan «Bold Wild Edition» şerbeti diňe bir baýramçylyk saçaklarynyň bezegi bolman, eýsem tomus pasly üçin ajaýyp sowujak içgi bolup durýar. Bu şerbeti her bir öý hojalykçy zenan, dürli ysly zatlary goşmak bilen güllerden we otlardan ekstraktlary ulanyp, öz maşgalasynyň taýýarlaýyş usulyna görä taýýarlaýar.

Bu otlardan biri bolan düýe ýandagy gadymy döwürlerden bäri türkmenler üçin gymmatly ot bolupdyr. Ýandagyň uzyn kökleri çölde gezip ýörenleri suwsuzlykdan halas edipdir. Ussat öý-hojalykçy zenanlar ýandagyň güllerinden bal taýýarlapdyrlar.

Yandakdan taýýarlanan çaý toniki häsiýetlere eýedir we bu ösümlikde kalsiý, kaliý we beýleki mikroelementleriň köp bolmagy sebäpli içginiň bejeriş we profilaktiki täsiri bardyr. Bu gudratly ösümligiň ýakymly ysy «Bold Wild Edition» şerbeti bilen tanalýar.

Öndürijileriň pikiriçe, tebigy ösümliklerden ýasalan içgileri halaýanlar üçin niýtelenilen ýandak tagamly «Bold Wild Edition» içgisiniň siziň islegiňiz boljakdygy şübhesizdir.

Has giňişleýin maglumat almaklyk üçin şu ýere basyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň