Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy

23:2317.09.2021
0
5860

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentiň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, belent mertebeli türkmen myhmanyna gül gowşuryldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden “Kasri Millat” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon doganlarça garşylady we ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Soňra döwlet Baştutany ŞHG-niň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan “Nowruz” köşgüne tarap ugrady. Bu sammit guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Bu ýerde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisine başlyklyk edýän Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýene-de mähirli garşylady.

Sammit başlanmazdan öň, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Duşenbedäki sammit gurama agza ýurtlaryň Liderleriniň — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hanyň hem-de ŞHG-niň ýanynda synçy derejesine eýe bolan döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň, şol sanda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň (sanly ulgam arkaly) gatnaşmagynda geçirildi.

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Sammite gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Mejlise sebit guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda GDA-nyň, YHG-nyň we beýlekileriň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, “Zarandud” zalynda ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, duşuşygy açdy hem-de sammite gatnaşyjylara söz berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, ilki bilen, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ýurdumyzyň bilelikdäki netijeli işe taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutany Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinden ata Watanymyza ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň