Soňky habarlar

Arhiw

«Meniň Watanym» atly kinofestiwalyň ýeňijileri belli boldy

16:0514.09.2021
0
6853

“Meniň Watanym” atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalynyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde häzirki wagtda Türkmen kinosungaty bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçirilýär. 12-nji sentýabrda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen“Meniň Watanym” atly kinofestiwalynyň jemi jemlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýty habar berýär.

“MENIŇ WATANYM” KINOFESTIWALYŇ ÝEŇIJILERI

Baş baýrak

“Nesillere galsyn diýip...” atly filmi kinorežissýor Rahymberdi Annagulyýew baş baýraga eýe boldy.

Eminler toparynyň baýragy

“Altyn Asyr” teleýaýlymynyň işgäri Myratgeldi Hallyýew “Garagum derýasy-Bereket çesmesi” atly filmi Eminler toparynyň baýragyna eýe boldy.

Iň gowy kinorežissýor

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredijilik toparynyň taýýarlan režissýory Kakow Garaýew “Meniň atam gümrükçi” atly filmi Iň gowy kinorežissýorbaýragyna eýe boldy.

Iň gowy filmiň edebi esasy

TRT Aşgabat wekilhanasynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Inci Şehir Aşkabat!” atly filmi Iň gowy kinossenariýa eseribaýragyna eýe boldy.

Iň gowy kinooperatoryň işi

“Nesillere galsyn diýip...” atly filminiň kinooperatory Mekan Gurbanalyýew Iň gowy kinooperatoryň işibaýragyna eýe boldy.

Iň gowy filmsepleýjisi

“Ykbally döwlet” atly filminiň sepleýjisi Jepbar Aşyrgeldiýew Iň gowy film sepleýjisi baýragyna eýe boldy.

Iň gowy filmkompozitory

“Aziýada 2017 bu diňe bir sport däl...” atly filmini “Ýaşlyk“ teleýaýlymynyň işgäri Aýna Durdyýewa filmiň saz bezegi üçin, Iň gowy film kompozitory baýragyna eýe boldy.

Iň gowy film suratkeşi

“Üstünligiň syry” atly filmini “Aşgabat” teleýaýlymyň işgäri we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ýazmyrat Allaberdiýew Iň gowy film suratkeşi baýragyna eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň