Soňky habarlar

Arhiw

Turkmenpoçta “Çapar” programmasynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar

09:5614.09.2021
0
19635

“Türkmenpoçta” Poçta aragatnaşyk kompaniýasy dürli maksatly “Çapar” programmasyny ulanmagy teklip edýär we programmanyň üsti bilen hyzmatlaryň käbir görnüşlerini töläp, çapar hem çagyryp bolýandygyny habar berýär.

“Çapar” programmasyny Google Play we App Store ulgamlaryndan ýükläp alyp bolar.

“Tölegler” bölüminde PÝGG jerimeleriniň, “AŞTU” we “Telekom” kärhanalarynyň öý internetiniň, IP-TV we öý telefonynyň töleglerini amala aşyrmak, şeýle-de öýjükli telefonyň hasabyny doldurmak mümkin. Bulardan başga-da bu mobill goşundysyna beýleki töleg hyzmatlarynyň birikdirilmegi hem meýilleşdirilýär, muňa mysal edip bolsa, kabel teleýaýlymy üçin tölegleri aýdyp bolar. Töleg öýjükli telefon belgisi birikdirilen bank kartasy arkaly amala aşyrylýar.

“Çapar” funksiýasy öýüňize çapar çagyryp, şäheriň içine we Türkmenistanyň beýleki şäherlerine 2-3 günüň dowamynda poçta ýollamasyny ýa-da banderoly ibermäge mümkinçilik berýär. Bu funskiýa Türkmenistanyň ähli ýerlerine eltip berme hyzmatyny amala aşyrýan onlaýn-dükanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe. Raýatlar üçin hem ähli düzgünlere laýyklykda poçta ýollamalary resmileşdirmek üçin poçta bölümine gitmän, dessine öýden ibermek örän amatly bolýar. Şeýle hem, +99312921495 jaň edip, çapary çagyryp bilersiňiz.

Mundan başga-da, “Çapar” programmasynda Aşgabat şäherindäki, şeýle hem welaýat merkezleriniň we beýleki ilatly nokatlarynyň poçta bölümleriniň maglumatlary (salgysy, telefon belgisi) bar.

“Çapar” programmasynyň amatlylygy ikuçsyzdyr. Ol birnäçe hyzmatlar üçin uzakdan tölegleri tölemek, çapar ibermegiň artykmaçlyklaryna baha bermek mümkinçilikleri sebäpli, wagtyňyzy we güýjüňizi tygşytlamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem poçta ýollamalaryňyzyň ýitirilmejekdigine we degişli salga gowşuryljakdygyna ynanmagy üpjün edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň