Owganystanda häkimiýeti ele alan “Talyban” (RF-nyň çäginde gadagan edilen gurama) hereketi ýurtda täze hökümetiň düzümini yglan etdi. Oňa Muhammad Hasan Ahund baştutanlyk eder. Bu barada hereketiň metbugat ýygnagynda habar berildi.
Öň ýurduň täze Ministrler Kabinetini döretmek iki gezek soňa goýlupdy. Munuň sebäbiniň Talyplaryň (RF-nyň çäginde gadagan edilen gurama) dünýä jemgyýetçiligi üçin kabul ederlikli inklýuziw dolandyryşy döretmek maksady bilen bagly bolandygyny habar beriş serişdeleri ýazýar.
Şunlukda Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň düzümindäki esasy wezipeleri aşakdylar eýeledi: hökümet başlygy Mohammad Hasan Ahund, onuň birinji orunbasary Abdul Gani Baradar, ikinji orunbasary Abdul-Salam Hanafi, daşary işler ministri Amir Han Mottaki, goranmak ministri Mohammad Ýakup, içeri işler ministri Anas Hakkani, medeniýet we habar beriş serişdeleri ministri Zabiulla Mujahid, maliýe ministri molla Eýadulla Badri, ykdysadyýet ministri Mohammad Hanif we aňtaw gullugy ministri Abdul Hak Wasik.

