Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary gawunlaryň seçgi işlerini alyp barýarlar

17:1506.09.2021
0
2316

Häzirki wagtda dünýä bakjaçylygynda gawunyň 1600-den gowrak görnüşi hasaba alnypdyr, olaryň 400 görnüşi bolsa türkmen gawunydyr. Tohum saýlamak işi tejribeli bakjaçylar we alymlar – seleksiýaçylar tarapyndan häzirem amala aşyrylýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Olar gawundyr garpyzyň täze görnüşlerini döredýärler we öňki görnüşlerini kämilleşdirýärler. Bakjaçylygyň ösüşi barada oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Maral Orazbaýewa neşiriň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

– Babadaýhanyň mirasdüşerleri bolan eždatlarymyz bize türkmen gawunlarynyň dürli ajaýyp nusgalaryny miras galdyrypdyrlar, olaryň arasynda tagamy we ysy bilen göreni haýran galdyrýanlary-da bar. Bu “behişdi” nygmatlaryň şöhraty ýurduň çäklerinden has uzaklara-da ýaýrandyr. Ýüpek ýoly bilen kerwenleriň daşan gymmatly harytlarynyň biriniň şu datly miwelerdigi taryhy ýazgylarda-da bellenýär. XV asyrda ýaşap geçen arap syýahatçysy Ibn Batuta türkmen gawunlary hakda: “Ürgenç gawunlary bilen bäsleşip biljek zat ne Gündogarda bardyr, ne-de Günbatarda. Olary dilimläp, güne serýärler, soňra bolsa sebetlere gaplap, Hindistandyr Hytaýa iberýärler” diýip ýazypdyr.

Ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy we aladasy netijesinde bu ajaýyp nygmatyň öňki şöhraty gaýtadan dikeldilýär, türkmen gawunlaryndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Milletiň Lideri döwletiň diňe bir däne we pagta öndürip satmakdan däl-de, eýsem miwedir gök önümleridir gawunlary ösdürip ýetişdirmekden hem ep-esli girdeji almak üçin degişli işleiň alnyp barylmagynyň zerurdygyny birnäçe gezek belläp geçdi.

Daşoguz topragy hemişe-de oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy bilen meşhurdyr we şu güne çenli hem şeýle bolmagynda galýar. Köneürgenç, Şasenem, Diyarbekir – bu ekerançylyk ýerleriniň baý taryhy bar. Müňlerçe ýyl bäri bu ýerlerde arpa, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinleri bilen birlikde gawundyr garpyz-da ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň bu sebitlerde diňe bir tagamy we ysy bilen däl, eýsem zaýalanman saklanma möhleti bilen hem tapawutlanýandygy bellenmäge mynasypdyr. Iş tejribesinden görşümiz ýaly, bu ýerlerde ýyglan gawunlary ýene 200 – 210 gün saklap bolýar.

Daşoguz gawunlarynyň ajaýyp görnüşleriniň arasynda gurbek görnüşi aýratyn tapawutlanýar. Bu ýerde bu sortuň birnäçe: ak, menekli, çal, gara görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ýumurtga görnüşli, ýaşylymtyl öwüşginli, daşy tor bilen örtülen nagyşly bu gawunlaryň paçagy ýylmanakdyr. Ol 90 – 100 günüň içinde bişýär we ýokary hasyl berýär.

Gara gülabynyň ortaça agramy 5,5-6 kilogram bolup, paçagy uly tor nagşy bilen örtülendir, bişen gawunyň goýy ýaşyl reňki, dykyz eti bolýar; gara gülabynyň bişme möhleti 100 – 105 gündür. Gawun ýokary hasyl berýär, özem näçe uzak saklansa, şonça-da tagamly bolýar.

Daşoguzyň gülabysy goýy ýaşyl reňkli bolup, paçagy gatydyr, bişensoň, gawuny 3-4 aý saklap bolýar, eti paçagyna çenli süýji bolýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol häsiýetlerini ýitirmeýär we uzak ýola ýaramlydyr.

Daşoguzyň “Iri” görnüşli gawunlary halk arasynda “myhmansowar” ady bilen meşhurdyr. Bu gawunlar örän uludyr, ortaça agramy 9-10 kilogram, ýetişýän möhleti 110 – 120 gün, paçagy eriş-argaç geçen tor bilen örtülendir, bişen gawunyň reňki, esasan, giň gara zolakly sarydyr, eti ak we dykyzdyr. Näçe uzak saklansa, onda şekeriň mukdary şonça-da ýokary bolýar.

“Akgaş” gawuny uludyr, agramy 3-4 kilogram, paçagy ýylmanak, reňki gara nagyş bilen örtülen sarydyr, bişme möhleti 95 – 100 gündür.

Daşoguz topragynyň ajaýyp miweleriniň bu sanawyny ýene-de dowam etdirmek mümkin, sebäbi ýurduň demirgazyk sebitinde gawunyň dürli görnüşleri ösýär. Her görnüş hili, tagamy, sypaty boýunça tapawutlanýar. Muňa garamazdan, olaryň hemmesi biziň bazarlarymyzy we toý saçaklarymyzy mynasyp bezeýär.

Biribar türkmen halkyna ajaýyp sowgat – datly we şireli gawun bagyş edipdir. Bu gawunlar dünýäniň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Emma olaryň hiç biri-de tagamy, şeýle hem beýleki häsiýetleri boýunça türkmen gawunlary bilen bäsleşip bilmeýär. Bu bolsa olaryň halkymyzyň baýlygydygyny aňladýar. Bu lezzetli tagamlary ösdürip ýetişdirmek tejribesini indiki nesle geçirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň