Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rim Papasynyň tagtdan ýüz öwürmegi mümkin

22:5024.08.2021
0
864

Rim Papasy Fransiskiň saglyk ýagdaýy sebäpli tagtdan meýletin ýüz öwürmegi mümkin, bu barada şu gün Italiýanyň “Libero” gazeti habar berdi.

Watikanda soňky döwürde bu baradaky gürrüňleriň barha köp edilýändigini habar beren neşir Papanyň dekabrda 85 ýaşynyň dolýandygyny, ondan öň bu wezipäni eýelän Benedikt XVI hem hut ýaşda tagtdan meýletin ýüz öwrendigini mysal getirýär.

Geçen iýulda 84 ýaşly Benedikt umumy narkozyň astynda içegede bejergi alypdy. Habar beriş gulluklary Rim Papasynyň 12-15-nji sentýabrda Wengriýa we Slowakiýa saparlarynyň saglyk ýagdaýyna bagly boljakdygyny çaklaýarlar.

Fransisk ýaşlykda öýken sowuklamasy zerarly öýkeniniň bir böleginiň aýrylandygyna garamazdan, ýeterlik derejede sagat adam hasaplanýar. Ol 2020-nji ýylda ýokanjyň başlanan döwri güýçli sowuklamany-da başdan geçirdi.

Rim Papasy öňräk özüniň saglyk ýagdaýy sebäpli tagtdan ýüz öwürmeginiň ähtimallygyny hem ýaňzydypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň