Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa bilen söhbetdeşlik

15:2721.08.2021
0
62130

Tokioda geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ýurduň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletikaçy Polina Gurýewa türkmen sportunyň ösmegine goşan goşandy we Ýaponiýada geçirilen oýunlarda gazanan ynamly ýeňşi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyň eýesi Polina Gurýewa bilen «Türkmenportal-yň» okyjylary üçin taýýarlanan söhbetdeşlik ol şeýle belledi:

– Özüme bildirilen hormat üçin ýurdumyza, hormatly Prezidentimize we türkmen halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Gazanan üstünligim Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna türkmen türgenleriniň ajaýyp sowgady boldy. Ýurdumyzyň ilkinji Olimpiýa medaly bilen çuňňur hormatlanylýan Prezidentimizi, türkmen halkyny gutlaýaryn. Olimpiýa oýunlarynda milli Baýdagymyz galdyrylanda, umumy ýeňşimize buýsanýardym. Hormatly Prezidentimiz türkmen sportunyň ösüşi, türgenleriň taýýarlygy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Diýseň tolgunýaryn! Hormatly Prezidentimiz, türgenlere bildirýän ynamyňyz, goýýan hormatyňyz üçin Size tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýarys. Öz adymdan we maşgalamyň adyndan Şa serpaýyňyz we uly ynamyňyz üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.

Söhbetdeşligiň dowamynda Polina duşenbe güni ýene yzygiderli türgenleşige başlajakdygyny we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek indiki Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görjekdigini aýtdy.

– Maňa Türkmenistanyň Prezidentiniň, ähli halkynyň bildirilen ynamy we ýokary derejeli hormaty üçin mundan beýläk-de türkmen sportunyň halkara arenasynda täze-täze üstünlikleri gazanmagy üçin yhlasymy gaýgyrmaryn.

«Türkmenportal-yň» ozal habar berşi ýaly, Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan wise-premýer Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň, «Lexus LX570 Sport Plus» ýeňil awtoulagynyň açarlaryny we 50 müň amerikan dollary möçberde pul sylagyny gowşurdy. Şeýle-de, P.Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen at dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň