«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynda üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda bu mukaddes önümiň jemi 56 müň 146 tonnadan gowragy gazylyp alnyp, bellenilen meýilnama 103 göterimden hem köp amal edildi. Gürrüňi edilýän döwürde däneli duz taýýarlamagyň meýilnamasy bolsa 105,3 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Kombinatyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasaplanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän «Guwlyduz» kombinaty duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.
Soňky ýyllarda kärhananyň maddy-tehniki binýady täze awtoulaglaryň, dürli maksatly ýörite tehnikalaryň we kämil enjamlaryň hasabyna has berkidildi. Bu bolsa önümçilik görkezijileriniň hem-de öndürilýän önümiň hiliniň has ýokarlanmagyna düýpli täsir etdi. Bu ýerde diňe bir şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýaraşykly gaplarda ilata ugradylan 11,3 müň tonna golaý nahar duzy dünýä ülňülerine laýyk derejede ýodlaşdyryldy.