Özbegistanyň Superligasynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşygyndan soňra («AGMK» - «Nasaf» 1:1), «Nasaf» toparynyň baş tälimçisi Rozkul Berdiýew AFK-nyň kubogynda «Ahal» bilen boljak duşuşyk baradaky pikirlerini paýlaşdy. Bu barada «Sport media» neşiri habar berýär.
Ilkibaşda tälimçiden şu möwsümde toparyň öz öňünde goýan esasy maksady hakynda soranlarynda, ol AFK-nyň kubogyny gazanmakdygyny belläp geçdi.
Dogry, özbek topary bu halkara ýaryşda esasy dalaşgär hasap edilýär, emma topar täze möwsümde (möwsüm arakesmesinden soň) geçiren soňky üç oýnundan soň, bary-ýogy 1 utuk gazandy.
Žurnalistleriň, «Bu ýagdaý Türkmenistanyň «Ahal» topary bilen boljak möhüm duşuşygyna ruhy ýagdaýda ýaramaz täsir etmezmi?» diýen soragyna tälimçi: «Ýok, şu wagt hemmesi öz ýerinde. Biz bijä görä yzly-yzyna güýçli garşydaşlara gabat geldik, oglanlar oýundan-oýuna özlerini ele alýarlar. Olar her oýunda ýokary netije üçin hereket edýärler» diýip, jogap berdi.
«Bilşimiz ýaly, «Nasaf», türkmen topary bilen oýnamazyndan öňünçä, super ligada ýene-de bir oýun geçirmeli we bu oýunda «Ahal» bilen boljak oýun sebäpli köp futbolçylary aýamak, ýagny meýdana esasy düzümi düşürmezlik meýliňiz barmy?» diýip, berlen soraga bolsa, tälimçi: «Ýok, bizde edil beýle eder ýaly giň mümkinçilik ýok. Tersine, «Metallurg» bilen boljak oýun, «Ahal» bilen oýnumyza iň esasy taýýarlyk wezipesini ýerine ýetirer diýip pikir edýärin. Diňe bir zady aýdyp bilerin. Häzirki derwezeban bilen Nemotowyň derejesini deň hasap etsem hem, men ýene şikes bolmadyk ýagdaýynda AFK-nyň kubogynda Abduwohid Nemotowy esasy düzüme düşürmekçi» diýdi.
Bilşimiz ýaly, «Ahal» we «Nasaf» toparlarynyň arasyndaky oýun, şu aýyň 25-ine özbek toparynyň meýdanynda geçirilip, şol (bir duşuşyk) oýnuň netijesinde hem ýaryşy dowam etjek topar kesgitlener. Häzirki wagtda Aşgabadyň «Ahal» topary hem ýaryşa güýçli depginde taýýarlyk görýär.
