Russiýa Federasiýasy Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegine itergi bermekde Türkmenistan bilen özara gatnaşyklara oňyn baha berýär. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilen metbugat ýygnagynda aýdyldy.
Ministrligiň Maglumat we metbugat müdirliginiň müdiriniň orunbasary A.Bikantow: «Howpsuzlyk meselesi boýunça Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gepleşik gurduk, onuň çäginde iki ýurduň ygtyýarly bölümleriniň wekilleri umumy howplar we kynçylyklar barada pikir alyşdylar. Türkmenistan Owaganystan meselesi bilen bagly ýagdaýlary kadalaşdyrmakda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar» diýip belledi.
Owganystandaky çylşyrymly ýagdaýlar, bu ýurtda parahatçylygy we durnukylygy dikeltmek boýunça meseleler Russiýanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Z.Kabulow bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň arasynda 2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşikleriniň, şeýle hem Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrowyň Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Moskwada geçirilen gepleşikleriniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmenportal-yň» habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça Dohada geçirilýän halkara duşuşyga hem gatnaşýar.

