«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy öňümizdäki futbol möwsüminde hem Fransiýanyň iň ýokary ligasynyň ― «Liga 1»-iň iň gyzykly duşuşyklaryny göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirer.
Şu hepdäniň anna güni başlanjak täze möwsümiň ilkinji duşuşygy 6-njy awgustda «Monako» bilen «Nantyň» arasynda bolar. Ýaýlym gije sagat 23:55-de başlajak bu duşuşygy tomaşaçylaryna göni ýaýlymda ýetirmegi meýilleşdirýär.
Şeýle hem «Liga 1»-iň türkmenistanly janköýerleri 7-nji awgustda «Lýon» ― «Brest (19:55) we «Trua» ― PSŽ (23:55) duşuşyklaryna tomaşa edip bilerler. 8-nji awgustda bolsa «Renn» ― «Lans» (15:55), «Metz» ― «Lill» (19:55) we «Monpelýe» ― «Marsel» (23:40) duşuşyklaryna tomaşa edip bileris.
| T/b | Sene | Çempionat | Duşuşyk | Wagty | Ýaýlymyň görnüşi |
| 1 | 06.08.2021 | “Liga 1” - Fransiýa | “Monako” – “Nant ” | 23:55 | GÖNI ÝAÝLYM |
| 2 |
07.08.2021 | “Premýerşip” – Şotlandiýa | “Dandi Ýunaýted” – “Reýnjers ” | 16:25 | GÖNI ÝAÝLYM |
| 3 | “Liga 1” - Fransiýa | “Lion” – “Brest” | 19:55 | GÖNI ÝAÝLYM | |
| 4 | “Liga 1” - Fransiýa | “Trua” – PSŽ | 23:55 | GÖNI ÝAÝLYM | |
| 5 | “Liga 1” - Fransiýa | “Renn” – “Lans” | 15:55 | GÖNI ÝAÝLYM | |
| 6 | 08.08.2021 | “ Liga 1” - Fransiýa | “Metz” – “Lill” | 19:55 | GÖNI ÝAÝLYM |
| 7 | “Liga 1” - Fransiýa | “Monpelýe” – “Marsel” | 23:40 | GÖNI ÝAÝLYM |

