Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ölmeýän çöl ösümliginiň syry «açyldy»

15:0302.08.2021
0
4341

Alymlar Namib çölünde asyrlar boýy ösýän ajaýyp çöl ösümligi bolan Welwiçiýanyň DNK-synyň syryny açyp bildiler.

«Nature Communications» žurnalynda çap edilen maglumatlara görä, çyglylygy az ýerlerde-de ösüp bilýär. Onuň genomyny öwrenmek geljekde guraklyga has çydamly ekinleriň ösmegine mümkinçilik döreder.

Alymlaryň belleýşi ýaly, Welwiçiýanyň baldaklarynyň we şahalarynyň uçlaryndan ajaýyp ýapraklar ösýär, ilkinji baldaklar ölýär we ösýän bedeni täze öýjükler bilen üpjün edýän dokumanyň bir görnüşini emele getirýär.

Alymlaryň pikiriçe, öýjük bölünişiginiň şu görnüşi uzak guraklyk we Namib çölüniň emele gelmegi döwründe ýüze çykan genetiki ýalňyşlyk bilen baglanyşyklydyr. Bu genetiki üýtgeşmäniň netijesinde ösümlik diňe bir gurak howa uýgunlaşman, eýsem, yzygiderli daşky gurşaw dartgynlylygyna uýýar.

Alymlar heniz hem ýaşamaga ukyply bolan bu ösümlikleriň ýaşynyň 3 müň ýyla ýetýändigini çaklaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň