Soňky habarlar

Arhiw

Latyn Amerikasy döwletleriniň Bileleşigini döretmek teklip edilýär

22:4427.07.2021
0
1264

Meksikanyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador Latyn Amerikasy döwletleriniň ýolbaşçylaryna Ýewropa Bileleşiginiň nusgasynda Bileleşik döretmek barada teklip etdi. Bu barada “Xinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Ol bu bileleşige ABŞ-ny we Kanadany hem goşmagy çagyryp, Amerika yklymynyň ýurtlaryny bilelikdäki täzeçe ýaşaýşa çagyrdy.

“Meniň teklibim Ýewropa Bileleşigini ýatladýan hem bolsa, biziň umumy taryhymyza, durmuşymyza we özboluşlylygymyza bil baglamagymyz gerekdir” diýip, Obrador sözüniň üstüni ýetirdi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň