Russiýa Federasiýasynyň Uzak Gündogar sebitinde tokaý ýangynlary barha tutaşýar. Olaryň merkezi bolsa Ýakutiýa, bu ýerde ýangynlaryň 300-den gowrak ojagy hasaba alyndy. Häzir sümme taýga tokaýlyklarynyň 620 müň gektaryny ýangyn gurşap aldy. Olaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Lenskiýe stolby” milli seýilgähi hem bar, ol ýerdäki seýrek duşýan haýwanlardyr guşlara ýok bolmak howpy abanýar.
Ýakutiýada tebigy betbagtçylygyň garşysyna 2 müň 300 töweregi adam göreşýär. Olar ýangyn söndürijiler, harby gulllukçylar, ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri we meýlentinçiler.
Tokaý ýangynlary ýurduň Kamçatsk, Perm ülkelerinde we Magadan oblastynda çylşyrymly ýagdaýy döretdi.