Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

10:3014.07.2021
0
1811

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasy bilen bilelikde guramagynda çeper gimnastika boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi. Bu barada «Türkmen sporty» gazeti habar berdi.

Aşgabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň gimnastika sagaldyş-sport desgasynda ýaýbaňlandyrylan birinjilige ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň türgenleri gatnaşdylar. Ýaşlaryň (12 – 15 ýaş) we ulularyň (16 we uly ýaş) arasynda geçirilen bäsleşiklerde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Fiza Aýwazowanyň hem-de Galina Poýakinanyň, Jemile Muradowanyň, Mariýa Kartaşowanyň şägirtleri tapawutlandylar.

Netijede paýtagtly gyzlar şowly çykyş etdiler. Olardan Kim Karolina, Medine Nazarowa, Aýlar Oşmanowa, Mahym Kerimowa, Leýli Beknazarowa we Kseniýa Finagenowa dagy ýeňiji boldy. Mary welaýatyndan Rabiga Hudaýberdiýewa we Türkmenbaşy şäheriniň türgenleri Mähri Berdiýewa, Ýekaterina Galkowa dagy öňdäki orny eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň