«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysy tarapyndan AFK-nyň kubogy ― 2021 halkara ýaryşynyň Merkezi sebitiniň toparçalaýyn tapgyrynyň mysaly ýygyndysy düzüldi. Mysaly ýygyndy neşiriň şu günki (12.07.2021 ý) sanynda şeýle tertipde paýlaşylýar:
DERWEZEÇI
Abdywahid Nematow
(«Nasaf», Özbegistan Respublikasy).
Abdywahid Nematow ýaşlygyna garamazdan (2001-nji ýylda doglan) ynamly oýnaýar. Ol toparçadaky bäsleşigiň 3 oýnunda öz derwezesinden bir top hem geçirtmedi. Bu ýaryş ýaş derwezeçiniň geljegi üçin täze sahypanyň açylmagyna sebäp boldy.
GORAGÇYLAR
Abdy Bäşimow
(«Ahal», Türkmenistan).
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy agzasy hasap edilýän Abdy Bäşimow ozalam «Ahalda» bir möwsüm oýnapdy. Emma geçen möwsümi Özbegistan Respublikasynyň super ligasynda («Kyzylkum») geçirdi. Häzirki wagtda görşümiz ýaly, ýene-de «Ahala» dolanan futbolçy bu toparda öz ornuna ymykly eýe bolmagy başardy.
Aleksandr Mişenko
(«Dordoý», Gyrgyz Respublikasy).
Gyrgyz futbolynyň esasy oýunçylarynyň biri hasaplanylýan goragçy hernäçe jan etse-de, «Dordoý» toparçada ýeňiji bolup bilmedi. Üs-tesine awtogolam onuň adyna ýazyldy. Ýöne näme-de bolsa onuň eden işi ýokary baha bereniňe degýär.
Husniddin Alakulow
(«Nasaf», Özbegistan Respublikasy).
Bu futbolçyny AFK-nyň kubogyndaky ýaryşda köplenç ýarymgoragda gören hem bolsak, aslynda, onuň goragçydygyna üns berip, biz mysaly ýygyndymyzda goragda goýduk. Husniddin Alakulow ýaryşda iň bir ýatdagalyjy oýun görkezip, dile düşen futbolçylaryň biridir.
ÝARYMGORAGÇYLAR
Firdaws Çakalow
(«Hujand», Täjigistan Respublikasy).
Bize gaty tanyş bolan at ýene uly sahna çykdy. Täjik futbolçysynyň ady diňe bir türkmenistanly futbolsöýüjilere däl, eýsem sebitimizde hem tanyşdyr. Ol AFK-nyň kubogynda nobatdaky gezek özi hakynda ýakymly ýatlama galdyrdy.
Şerzat Nasrullaýew
(«Nasaf», Özbegistan Respublikasy).
Şerzat Nasrullaýew netije babatda hem, oýun babatda hem toparçalaýyn oýunlarda iň gowy çykyş eden futbolçy diýsegem bolman durmaz. Ýene bir bellemeli zat, Şerzat Nasrullaýew tälimçisi tarapyndan şu ýaryşda meýdançadaky orny üýtgedip oýnadylan futbolçydyr.
Şahmalik Kamilow
(«Nasaf», Özbegistan Respublikasy).
Şahmalik Kamilow «Nasafyň» esasy hüjümlerini guramagy başardy. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysynyň agzasy bolan ýarymgoragça şu ýaryşdan soň milli ýygyndydan çakylyk gelmegine garaşylýar.
Resul Hojaýew
(«Ahal», Türkmenistan).
Resul Hojaýewi köp janköýerler «Altyn asyr» toparyndaky oýunlary bilen gowy tanaýarlar. Golaýda uly şowhun bilen «Ahala» geçen futbolçy islendik toparda hem merkezi ýarymgoragda ajaýyp oýun gurnaýandygyny ýene bir gezek subut etdi.
HÜJÜMÇILER
Altymyrat Annadurdyýew
(«Altyn asyr», Türkmenistan).
Bize gowy tanyş bolan Apba (Altymyrat Annadurdyýewiň janköýerler tarapyndan tutulýan ady) ýaryşda köp gol geçirenleriň sanawyn-dan ýer almagy başardy. Ähli bäsleşiklerde, şol sanda AFK-nyň kubogyndaky ýaryşlarda A.Annadurdyýewden ýokary netijelere garaşmak adata öwrüldi.
Huseýin Narçaýew
(«Nasaf», Özbegistan Respublikasy).
Bu futbolçy üçin diňe bir bu ýaryşda däl, özbek futbolynda-da täze sahypa açyldy. Özbegistanyň milli ýygyndysy ýarymgoragçynyň işini hüjümçilerçe ýerine ýetirýän futbolça mätäçdi. Huseýin Narçaýew AFK-nyň kubogynyň toparçadaky oýunlarynda şol wezipäni ýerine ýetirip biljekdigini subut etdi.
Elman Tagaýew
(«Ahal», Türkmenistan).
Elman Tagaýew halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň abraýyny goramaga ukyply futbolçydy. AFK-nyň kubogynyň toparçadaky oýunlarynda oňa bu babatda orta çykmak we özüni görkezmek başartdy. Elman Tagaýew «Ahalyň» kubok ýaryşyndaky üstünligine mynasyp goşandyny goşdy.