Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türkmenistanly türgenler sylaglanyldy

16:0305.07.2021
0
1234

Golaýda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň Aziýa çempionatynda we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden türgenleri sylaglamak dabarasy guraldy. Bu barada hepdäniň şenbe güni «Türkmen sporty» gazeti habar berdi.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary B.Jepbarow çykyş edip, 2021-nji ýylyň 16 – 25-nji aprelinde Daşkent şäherinde (Özbegistan Respublikasy) geçen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň, 12 – 17-nji aprel aralygynda suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşynyň, mundan başga-da, Almaty şäherinde (Gazagystan Respublikasy) erkin we grek-rim göreşleri boýunça yklym çempionatynyň mekdebiň türgenleri üçin diýseň düşümli bolandygyny nygtady. Şeýle-de, çykyşda 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna +109 kg agramda gatnaşan mekdebimiziň türgeni H.Toýçyýewyň itekläp götermek görnüşi boýunça üstünlikli çykyş edip, bürünç medalyň eýesi bolandygy aýdyldy.

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň dolandyryş-hojalyk bölüminiň baş hünärmeni A.Orazdurdyýewa söz berildi. Ol ata Watanymyzda ýaşlaryň ýlymly-bilimli, sagdyn bedenli türgenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň Aziýa çempionatynda we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, medallara mynasyp bolan türgenleriniň onusynyň sylaglanýandygyny yglan etdi.

Şeýlelikde, Merdan Ataýew, Darýa Semýonowa, Musa Žalaýew ýaly suwda ýüzüjilerimiz, agyr atletikaçylarymyzdan Seýitjan Mirzaýew, Maksat Meredow, Gülnabat Kadyrowa, Rejepbaý Rejepow, Aýsoltan we Hojamuhammet Toýçyýewler, erkin göreşden bolsa Kerim Hojakow dagy gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Üstünlik gazanan ildeşlerimiziň has-da uly netijelere eýe bolmaklary arzuw edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň