Şu gezekki Medeniýet hepdeligi ozalkylaryndan birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olaryň biri hem 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän hepdeligiň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzda surata düşürilen çeper filmleriň görkezilişiniň we kino sungatynyň wekilleri bilen duşuşygyň geçirilmegidir. Düýn Türkmenabat şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen duşuşygyň çäginde «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýolbaşçysy Arslan Eýeberdiýew bilen söhbetdeş boldy. Neşirde çap edilen bu söhbetdeşlikde Türkmenistanda kinematografiýa ugry boýunça täzeliklere hem orun berilýär.
— Arslan, ilki bilen, sizi ýetip gelýän hünär baýramyňyz bilen gutlaýarys. Hakykatdan-da, Medeniýet hepdeligi ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Gürrüňimizi kino sungatynyň wekili hökmünde şu hepdeligiň geçirilişi baradaky pikirleriňizden başlaýsak!
— Hepdelik ilkinji günündäki bady bilen ýokary derejede geçirilýär. Eýýäm onuň dabaralarynyň aglabasyny yzda galdyran hem bolsak, olaryň her biri ýakymly ýatlamalary bilen ýadymyzda hemişelik orun tutar. Hepdeligiň taryhynda ilkinji gezek filmleriň görkeziliş dabarasynyň geçirilmegi bizi has-da begendirýär. Şonuň üçin hem biz bu özboluşly festiwala birleşigimizde surata düşürilen filmleriň 14-sini alyp geldik. Olaryň ählisi täze filmlerdir. Käbiri ýakynda geçirilen «Aşgabat bahary» atly festiwalyň ýeňijisi boldy.
— Şu gün siziň režissýorlyk eden «Durmuş kyssalary» atly filmiňiz görkezildi. Biz siziň döredijiligiňize 2017 — 2019-njy ýyllar aralygynda tomaşaçylara ýetirilen «Mähekdaş», «Jadyly hasa», «Ýatdan çykmajak pursatlar» ýaly filmleriň üsi bilen hem belet. Täze filmiň mazmuny barada hem aýdaýsaňyz!
— «Wepaly dostlar synmaz galadyr» diýen jümle filmde baş şygar edilip alyndy. Şygardan hem görnüşi ýaly, filmde üç dostuň ykbaly yzarlanýar. Harby gullukda dostlaşan ýigitler bilen bagly wakalar filmiň tutuş süňňünden geçýär. Filmde dostluk bilen bir hatarda söýgi, adamkärçilik ýaly duýgulara-da orun berlip, gapma-garşy ýagdaýlara hem gabat gelinýär. Umuman, filmiň surata düşüriliş işleri bir ýyl çemesi dowam etdi. Onda keşpleri kino sungatynda ozal tejribesi bolan we bolmadyk aktýorlaryň 20-den gowragy paýlaşýar.
— Filmiň sahnalary nirelerde düşürildi?
— Filmi surata düşürmek üçin dört welaýata dagy aýlanyp çykdyk. Hatda bir öýüň içinde bolup geçýän gysgajyk sahnany surata düşürmek üçin Lebap welaýatyna hem geldik. Bu ýerde bize ýakyndan ýardam berdiler.
— Soňky dört-bäş ýylda dört filmi tabşyrdyňyz. Diýmek, bäşinji film üçin hem ilkinji ädimler ädilip başlanandyr?!
— Hawa, şu ýylyň oktýabr aýynda «Göçüm» atly täze filmi surata düşürmäge girişmegi meýilleşdirýäris. Bu filmde ekiz doganlaryň ykbaly yzarlanylar. Häzir surata düşüriliş işlerine taýýarlyk, şol sanda aktýorlary saýlamak işleri dowam edýär.
— Biz sizi hepdeligiň açylyş dabarasynda hem aladalyrak gördük. Ýalňyşmasam, siz dabaralary kino üçin surata düşürýärdiňiz.
— Gözüňizden sypmandyr. Hakykatdan-da, hepdeligiň her bir gününde aladamyz özümize ýetik. Sebäbi diňe şu hepdäniň dowamynda hepdelik bilen bagly hem dokumental, hem çeper häsiýetli filmi surata düşürip, tomaşaçylarymyza ýetirmegi meýilleşdirýäris. Şonuň üçin gündizlerimiz surata düşürmek, gijelerimiz bolsa düşürilen sahnalary kebşirlemek bilen geçýär. Maksadymyz myrat tapsa, Lebapdaky Medeniýet hepdeliginde surata düşürilen filmi onuň ahyrky gününde tomaşaçylara hödürlemek isleýäris. Bu biziň hepdelikde özümize bildirilen belent hormata beren mynasyp jogabymyz bolardy.
— Birleşigiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylyndaky maksatlary barada hem aýdaýsaňyz!
— Şu ýyl üçin meýilnamamyzda ençeme filmi surata düşürip, tomaşaçylara ýetirmek göz öňünde tutuldy. Häzir olardan «Aktýor», «Dutaryň owazy», «Güller baharda açylýar» ýaly filmleriň surata düşüriliş işleri doly tamamlandy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna çenli «Hajygolak», «Owaz», «Söýgi mukamy» ýaly filmleri hem tomaşaçylara ýetirmegi meýilleşdirýäris. «Çapar» atly başga bir filmimiz bolsa ýylyň ahyryna çenli taýýar bolar.

