Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle sözler bar:
«Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly alymlar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Amerika, Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň ylym, bilim we döredijilik işgärleriniň wekillerini özünde jemleýän bu halkara maslahatyň netijeli geçiriljekdigine, dürdäne şygyrlary bilen dünýä özüni tanadan Magtymguly Pyragynyň nusgalyk durmuş ýoluny, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge aýratyn goşant boljakdygyna berk ynanýaryn.
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň — milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr. Dana Pyragy müňýyllyklardan bäri hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi we jomartlygy bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň synmaz edebi sütünleriniň biridir.
Magtymguly Pyragy çuň mazmunly ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldardyr. Gündogaryň Firdöwsi, Rumy, Nyzamy, Fizuly, Rudaky, Nowaýy ýaly, edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygryýeti tutuş adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir.
Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün millionlarça adamlaryň aňyna, ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, mertligiň we gaýduwsyzlygyň özboluşly şygaryna öwrüldi.
Ussat şahyryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserleriniň ýygyndylary dünýä dillerine terjime edildi. Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dünýäniň onlarça döwletlerinde maslahatlar, sergiler we beýleki köpugurly çäreler geçirilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesinde we Astrahan oblastynda, Ukrainanyň Kiýew, Türkiýe Respublikasynyň Ankara, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Hywa şäherlerinde şahyryň ýadygärlikleriniň açylmagy türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň baý edebi mirasynyň ýakyn we alys goňşy halklarda hem uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär.
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny halkara derejede belläp geçeris. Munuň özi ynsan aňyna hem-de ýüregine ýakyn beýik Pyragynyň şygryýetiniň nesiller üçin gymmatlyk we durmuş ýörelgesi bolup hyzmat edýändigine şaýatlyk edýär.
Hormatly alymlar!
Magtymguly Pyragynyň ata Watan, mähriban toprak, jemgyýet baradaky ynsanperwer garaýyşlaryny, halky jebisleşdirmek, garaşsyz döwlet gurmak baradaky nesihatlaryny soňra Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi, Abdysetdar Kazy ýaly, nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleri özleriniň özbaşdak, bitewi türkmen döwletini gurmak baradaky arzuwlary bilen utgaşdyryp, mynasyp dowam etdiripdirler.
Magtymgulynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri biziň şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýär.
Biz dünýä halklarynyň milli däp-dessurlarymyz, edebiýatymyz, medeniýetimiz, mizemez taglymat derejesinde kämilleşen döwletlilik ýörelgelerimiz bilen içgin tanyşmaklary, şeýle hem döwletleriň we halklaryň arasynda ylym, bilim, medeni ugurlarda gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris.
Bu ugurda türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň gymmatly mirasynyň öwrenilmegine hem-de tutuş dünýä ýaýradylmagyna ýardam edýän tagallalary hemmetaraplaýyn goldamagy geljekde hem dowam etdireris. Bu işleriň ählisi adamzadyň dostluk we hoşniýetlilik ýörelgelerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer.
Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly alymlar!
Sizi «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!».