Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi ― 2021: Seýitnazar Seýdiniň dogduk obasynda şahyrana çäre geçirildi

09:2925.06.2021
0
6773
Medeniýet hepdeligi ― 2021: Seýitnazar Seýdiniň dogduk obasynda şahyrana çäre geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde düýn «Belent waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan!» atly şahyrana baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çäre watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň dogduk obasy bolan Halaç etrabynyň Lamma geňeşliginde guraldy.

Bu ýerde çykyş edenler häzirki döwürde Seýdiniň döreden eserleriniň öz ähmiýetini birjik-de ýitirmeýändigini, olaryň halkymyzyň hakyky dostluk, hakykat, belent söýgi, ahlak gymmatlyklary ýaly asylly ýörelgeleriniň senasyna öwrülendigini nygtadylar. Şahyryň Watana bolan söýgüsi, ylalaşyga we bitewülige çagyryşy onuň mähriban topragynyň ykbaly bilen mydamalyk arabaglanyşygynyň binýadyna öwrüldi.

Meşhur söz ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik çäresiniň dowamynda Seýitnazar Seýdiniň türkmen topragynyň gözelligini wasp edýän goşgy setirleri we döwrüň waspyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Bu ýerde guralan baýramçylyk çäresi Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan taýýarlanylan sahna çykyşlary bilen dowam etdi. Magtymgulynyň, Seýdiniň, Keminäniň, Magrupynyň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň keşbindäki artistler ajaýyp şygyrlary okadylar.

Meýdançada dikilen ak öýlere ajaýyp halylar düşelipdir. Keçeleriň üstünde bolsa bagşylaryň joşgunly çykyşlary boldy. Soňra döredijilige ýaňy gadam goýan ýaş şahyrlar ruhy gymmatlyklary beýan edýän goşgularyndan okadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň