Berdimuhamedow «Boeing 777-200LR» uçarynda ilkinji ýolagçylar – ýaş çatynjalar bilen söhbetdeş boldy

11:4224.06.2021
0
7269
Berdimuhamedow «Boeing 777-200LR» uçarynda ilkinji ýolagçylar – ýaş çatynjalar bilen söhbetdeş boldy
Surat: tdh.gov.tm

23-nji iýunda açylan Kerki Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezident Türkmenabat şäherine ugramak üçin täze «Boeing 777-200LR» uçarda Kerkiden Lebap welaýatynyň merkezine ugraýan ýaş çatynjalara ak pata berdi.

Kerki — Türkmenabat ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrýan uçarda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalar hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.

Ýaş juwanlaryň ene-atalary döwlet Baştutanyna halkyň abadançylygy we Watanyň rowaçlygy barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Milli Lider olary we ýaş çatynjalary şanly waka bilen gutlap, ýaşlara maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Uçarda ýaş çatynjalaryň durmuş toýy mynasybetli guralýan dabara dowam etdi. Asylly däbe görä, hemmelere toý sowgatlary gowşuryldy we süýji nygmatlar hem-de pişme hödürlenildi. Hormatly Prezidenti bagtyýar ýaşlaryň toýuna çagyryldy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň