Soňky habarlar

Arhiw

Kerki Halkara howa menziline halkara sertifikat gowşuryldy

23:4523.06.2021
0
21198
Kerki Halkara howa menziline halkara sertifikat gowşuryldy

23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda açylan Kerki Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) Aeronawigasiýa býurosynyň monitoring we gözegçilik boýunça direktorynyň orunbasary Denis Gindon çykyş etdi. Ol hormatly Prezidenti täze howa menziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhyndaky bu möhüm waka göni aragatnaşyk arkaly gatnaşýandygyna örän şatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan raýat awiasiýasy babatda işleri düzgünleşdirýän Halkara Çikago Konwensiýasy boýunça öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirýär, howa menzilleriniň we howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, ekipažlary we ýerüsti düzümi döretmek boýunça halkara standartlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

ICAO-nyň wekili bu guramanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda, şol sanda howa menzilinde ulanyş boýunça tehniki hünärmenler hem bilermenler üçin okuw maksatnamalaryny amala aşyrmaga goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Kerki şäherinde täze üpjünçilik enjamlary bolan howa menzili toplumynyň ulanylmaga berilmegi bu myhmansöýer welaýatdan howa arkaly daşaýyşlary ösdürmäge güýçli itergi berer.

Halkara Raýat awiasiýasy guramasy türkmen hyzmatdaşlaryna howpsuz uçuşlary, Türkmenistanyň ulag pudagynyň ykdysady taýdan durnukly ösmegini arzuw edýär diýip, jenap Denis Gindon sözüniň ahyrynda aýtdy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady.

Soňra Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktory Ralf Gaffal çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşýanlary Kerki Halkara howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy we açylmagy bilen gutlady. Munuň özi sebitde ýolagçy gatnadylmagyny we ýük daşalyşyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Jenap Ralf Gaffal göni wideoaragatnaşyk arkaly şu möhüm waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Mýunhen Halkara howa menziliniň “Türkmenhowaýollary” agentligine howa menzillerini dolandyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak, awiakompaniýalaryň marketingi, degişli hünärmenleri taýýarlamak ýaly we beýleki ugurlar boýunça strategik başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktorynyň nygtaýşy ýaly, Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň 14-nji goşundysyna laýyklykda, Kerki howa menziliniň sertifikasiýalaşdyryş standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklamak özi üçin uly hormatdyr.

Sözüniň ahyrynda jenap Ralf Gaffal Kerki Halkara howa menziliniň işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu howa menziline degişli güwänama gowşuryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Kerki Halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE koduny bermek hakyndaky resminamanyň hem-de Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan berlen halkara ülňülerine esaslanyp gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň