“Brent” nyşanly nebitiň bahasy ýokarlanýar

11:5423.06.2021
0
1470

“INTERFAX.RU” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, dünýä bazarynda “gara altynyň” nyrhy ýokarlanmagyny dowam edýär, şol sanda “Brent” nyşanly nebitiň bahasy soňky iki ýylyň içinde ilkinji gezek bir barrel üçin 75 amerikan dollaryndan hem gymmatlady. Muňa häzirki günlerde halkara nebit bazaryndaky teklipler barha artýan islegi kanagatlandyrmakdan ejiz geler diýen howatyrlanmalar sebäp bolýar.

Netijede nebit şu ýylyň ýylyň başyndan bäri 40 göterim gymmatlady, muňa COVID-19 ýokanjy bilen bagly emele gelen çökgünlikden soňra häzirki wagtda ABŞ-nyň, Ýewropanyň we Hytaýyň ykdysadyýetleriniň dikelmegi sebäp bolýar, dünýäniň beýleki käbir sebitlerinde ýokanjyň ýaýramagy bilen baglylykda ýagdaýlaryň çylşyrymly bolup galýandygynda garamazdan, “gara altyna” bolan islegiň artýandygy hasaba alyndy.

“Bank of America” maliýe edarasynyň bilermenleriniň çaklamasyna görä, dünýä jahankeşdeligi pudagynyň dikelmegi öňdäki ýylda “Brent” nebitiniň bir barreliniň nyrhynyň 100 amerikan dollaryna çenli artjakdygyna umyt döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň