Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda golf boýunça synag ýaryşy geçirildi

16:0421.06.2021
0
2365
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda golf boýunça synag ýaryşy geçirildi

Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Golf fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň sy­nag ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Fe­dera­si­ýa­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bag­ty­ýar­lyk et­rap ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ran gy­zyk­ly bäs­le­şi­gi paý­tag­ty­myz­da­ky golf meý­dan­ça­syn­da ýaý­baňlan­dy­ryl­dy.

Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde oglanlaryň arasynda paýtagtymyzyň 32-nji orta mekdebiniň okuwçysy Tahyr Myradow ýeňiş gazandy. Ony ýaryşa tälimçi Maksat Begiýew taýýarlady.

Aşgabat şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň okuwçysy Döwletgeldi Aýdaşew ikinji orny eýeledi. Orazmyrat Nepesow (Aşgabat şäheriň 79-njy orta mekdebi) hem-de Teýmur Allaýarow (Aşgabat şäheriniň 18-nji orta mekdebi) ilkinji üçlügi jemlemegiň hötdesinden geldiler.

Gyzlaryň bäsleşiginde Zlata Mämetbaýewa taý tapylmady. Ol paýtagtymyzyň 27-nji orta mekdebinde okaýar. Aşgabadyň 36-njy orta mekdebinden Dinara Aýdaşewa ikinji orny eýelese, Nurana Araşewa we Maral Nyýazowa (ikisem Aşgabat şäheriniň 27-nji orta mekdebinden) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Ýeňiş gazanan türgenleriň ählisi tälimçi Tahyr Amandurdyýew tarapyndan taýýarlanyldy.

Tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Golf federasiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň