Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda "Gül-Bilbil" operasynyň taýýarlyk işleri tamamlandy

12:5221.06.2021
0
15212

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda şu ýyl doglan gününe 300 ýyl dolýan Abdylla Şabendäniň dessany esasynda «Gül-Bilbil» operasy taýýarlanyldy. Operanyň sazyny Türkmensitanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew, librettosyny Türkmensitanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Ony Türkmensitanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow sahnada goýdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Dessanyň wakalary diňe bir Zemin üstünde däl, eýsem periler mekanynda hem bolup geçýär, ol ýerde ykbalyny bir-birege ömürlik baglamk üçin peri Gül bilen batyr Bilbil duşuşýarlar.

«Gül-Bilbil» operasysyndaky partiýalaryň ählisini diýen ýaly Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarydyr mugallymlary ýerine ýetirýärler. Galyberse-de, sahna eseriniň dirižýory-da TMK-nyň 3-nji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirowdyr.

Operanyň owadan sazy, artistleriň ajap labyzly sesi, gahrymanlaryň kaşaň lybaslarydyr gözel sahna bezegi eseriň gyzykly ýordumynyň üstüni ýetirýär.

«Gül-Bilbil» operasynyň premýerasy şu ýyl Lebap welaýatydna geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda bolar. Türkmenabadyň ýaşaýjylary ilkinjiler bolup dessanyň gahrymanlarynyň hoş owazlaryndan lezzet alyp bilerler. Esasy partiýalary Leýli Ökdirowa (Gül), Türkmensitanyň halk artisti Atajan Berdiýew (Bilbil), Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden «Altyn asyr» bäsleşiginiň baýragynyň eýesi Begenç Gaýypow (Nasyr şa), Türkmensitanyň at gazanan artisti Bibi Amanowa (Bilbiliň ejesi) dagy ýerine ýetirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň