Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda dogabitdi ýürek kemisligi bolan çaganyň operasiýasy üstünlikli geçirildi

23:5819.06.2021
0
32788

7-nji iýunda Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň kardiohirurg lukmanlary paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde dogabitdi ýürek kemisligi bolan, 2 ýaş 7 aýlyk çagajyga emeli gan aýlanyş şertlerinde alyn ýüregara germewiniň deffektiniň plastikasy operasiýasyny üstünlikli amala aşyrdylar.

Operasiýa geçirilmezinden ozal, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Erlangen şäheriniň Fridrih Aleksandr kardiohirurgiýa uniwersitet klinikasynyň ýolbaşçysy, professor M.Weýand bilen ýerli hünärmenler sanly lukmançylygyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wideoaragatnaşyga çykmak arkaly tejribe alyşdylar hem-de bejerginiň, operasiýadan soňky ilkinji günleriň we ýakyn geljek döwrüň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Lukmanlaryň we çaganyň ejesiniň aýtmagyna görä, çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly, operasiýadan soňky dikeldiş işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Çaga reanimasiýa bölüminden adaty ýatymlaýyn bejergi otagyna geçirildi. Geljekde çaga merkeziň we degişli saglyk öýüniň maşgala hem-de kardiolog lukmanlarynyň gözegçiliginde bolup, gatnaw şertlerinde dikeldiş bejergilerini alar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Çagalary goramagyň halkara gününde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümine, logoped lukmanyň iş otagyna, kardiohirurgiýa otagyna baryp gördi. Ol ýerlerde çagalar, olaryň ejeleri bilen gürrüňdeş bolup, hal-ýagdaýlary, bejerişiň berýän netijeleri barada gyzyklandy. Şol gezek milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň degişli ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi. Bu tabşyryklar üstünlikli ýerine ýetirildi.

Bu operasiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp geçirildi. Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen bu gazna kömege mätäçlere goldaw bermäge hemişe taýýardyr. Ýakynda dogabitdi ýürek kemisligi bolan çagajyk Muhammedaly Amanowa geçirilen üstünlikli operasiýa hem biziň bu aýdanlarymyzy doly tassyklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň