Turkmenportal logo
11.06.21
14671467
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«SpaceX» täjirçilik awiakompaniýalarynyň ýolagçylaryna hemra internetini hödürlemegi meýilleşdirýär

«SpaceX» uçuş wagtynda ýolagçylary simsiz internet bilen üpjün etmeklik üçin birbada birnäçe awiakompaniýa bilen gepleşikleriň başlanandygyny habar berdi. «SpaceX»-iň metbugat sekretary Jonatan Hofelleriň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýakyn wagtda uçara gurnamak üçin awiasiýa önüminiň birnäçe görkeziliş dabarasyny geçirdi.


Bu habar «Starlink»-iň awiasiýa bilen hyzmatdaşlygy baradaky ilkinji habary däl, sebäbi geçen ýyl biznes derejesindäki «Gulfstream» uçarynda «Starlink» enjamlaryny oturtmak meýilnamalary belli boldy we mart aýynda «SpaceX» ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyndan (FCC) şol enjamlary awtoulaglarda, ýük awtoulaglarynda, gämilerde we uçarlarda ulanmaklyk üçin rugsat sorady.


Mundan başga-da, «Starlink»-iň 3000 enjamyny orbita çykarmagy meýilleşdirýän «Amazon» we meýilleşdirilen 640 enjamdan 182 enjamy satuwa çykaran «OneWeb» ýaly köp bäsdeşi bar. Şeýle bäsdeşlik uçarlarda interneti has-da arzanlaşdyrmaga kömek eder. Bu barada 3dnews.ru habar berdi.