«Lukoýl» «Dostluk» ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär

16:3504.06.2021
1
1048

Russiýanyň “Lukoýl” hususy nebit kompaniýasy Hazar deňzindäki türkmen-azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Biznes-Türkmenistan» «Interfaks-Azerbaýjan» agentligine salgylanyp habar berdi.

Kompaniýanyň prezidenti Wagit Alekperowyň Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «Dostluk» taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny we Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň häzirki wagtda hökümetara şertnamany taýýarlaýandygyny belledi.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.

Bilermenler «Dostluk» ýatagynyň ätiýaçlyk gorunyň takmynan 50 million tonna nebite barabardygyny çaklaýarlar.

«Dostluk» uglewodorod ýatagynyň serişdeleriniň 30%-niň Azerbaýjanyň we 70%-niň Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen fewral aýynyň 18-ne Aşgabatda geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Shanazaryomut ( 05.06.2021 )

Salam turkmenpetrol işgarleri men sizden Lukoil firma barda bir soragym bar muňkin bolsa maňa jogap berayseniz. Lukoil firma turkmenistana geldimi shuwagt, ya hacan gelmeli cv ibermekci nira iberip bilerin?

1