Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy

18:2203.06.2021
0
10708

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen döwlet konserwatoriýasynda halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, aşgabatly sazsöýüjilere diýseň tanyş Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy.

Soňky birnäçe ýylda Aýbölek diňleýjilere öz zehinini diňe Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da görkezdi. 2018-nji ýylda Ermenistanda geçen halkara bäsleşikde ol birinji orny eýeledi. Bu skripkaçynyň onlaýn çykyşy-da Italiýanyň paýtagty Rimde geçen halkara saz forumynda üstünli boldy. Ýerine ýetiren sazy bilen zehinli skripkaçy bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy.

Çäräniň programmasyny dünýä saz sungatynyň bir sütüni Wolfgaň Amadeý Mosartyň “Orkestr bilen skripka üçin konsertiň” birinji bölegi açdy.

Bu eseriň fortepiano üçin bölegini konserwatoriýanyň uly mugallymy, konsertmeýster we halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Wladimirowna Faramazowa ýerine ýetirdi.

Konsertde skripka bilen fortepianoda (duet) ussatlarça ýerine ýetirilen Mosartyň eserleri dünýäniň iň ökde skripkaçylarynyň repertuarynda esasy sazlaryň biri hasaplanýar. Olary beýan etme aňrybaş çylşyrymlydyr, çünki ýerine ýetiriji sesiň saplygyny (durulygyny) we ýeňilligini gazanmaly bolýar.

Kärdeşleriniň köpüsi ýaly, Aýbölek hem solo konsertlerine aňrybaş ussat italýan sazandasy Nikkolo Paganininiň kompozisiýalaryny girizýär. Tomaşaçylar üin «Kapris No.23» ýerine ýetirildi.

Soloda ajaýyp ýerine ýetirilen kompozisiýa programma düýn goşuldy, sebäbi zehinli gyz ussadyň şu we beýleki döreden eserlerini tapawutlandyrýan ýerine ýetirişiň aňrybaş çylşyrymly tehnikasyny diýseň halaýar. Paganininiň döredijiligine ýüzlenmegiň ýene bir sebäbi-de «Kaprisi» ýerine ýetirmegiň islendik skripkaçynyň tehniki taýdan ösmegine ýardam edýänligidir.

Agşam Bethoweniň «Fortepianodyr skripka üçin 4-nji sonatasy» bilen dowam etdirildi. Ýene bir ajaýyp kompozitoryň sazynyň ýerine ýetirilmegi diňleýjilere aýgytly, depginli, şol bir wagtyň özünde-de häsiýeti boýunça mylaýym owazly sonatadan lezzet almaga mümkinçilik berdi. Bu kamera eseri skripka bilen fortepianonyň sazlaşykly ansamblyny tomaşaçylara ýene bir gezek görkezdi.

Aýbölek Muhyýewa çykyş programmasyna özüniň iň söýgüli awtorlarynyň biri bolan on dokuzynjy asyr ajaýyp rus kompozitory Pýotr Iliç Çaýkowskiniň mukamyny-da goşdy. Bu eserler barada ýerine ýetiriji konsertden soň şeýle diýdi: «Agşamyň çarçuwasynda ýerine ýetirilen mukam – gysga, emma örän owadan pýesa, onda bir parça endigan sazlaşykda beýleki parça geçýär. Haýran galdyryjy sazlaşyk we gözellik».

Konsert Moris Raweliň «Sygan gyzy» bilen tamamlandy. Aýbölek skripkaçynyň repertuarynda iň çylşyrymly we aňrybaş ökdeligi talap edýän bu eseri çalmagy köpden bäri arzuw edýärdi. Bu sazyň konsert programmasyna goşulmagynyň ýene bir seäbäbi-de sygan sazynyň heňiniň we keşpleriniň zehinli ýaş sazanda golaýlygydyr.

Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary we diňleýjileriň klassyk saz sungatynyň dünýäsine aralaşmakdan alan ägirt uly lezzeti sazandanyň öz öňünde goýan wezipesiniň hötdesinden ussatlyk bilen gelendigini görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň