Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Yssy howada saglygyňy nädip durnukly saklamaly?

10:5031.05.2021
0
2015

Şu günler Türkmenistanyň ähli sebitlerine jöwzaly yssy howa akymy aralaşdy. Beýle ýagdaý dünýäniň köp döwletinde hasaba alyndy. Dowam edýän yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak esasy wezipe bolup durýar. Bu barada lukmanlar şeýle maslahatlary berýär:

Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli nä­sazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň jöwzaly yssysynda çagalaryň daşarda oýnamaklaryna ýa-da gezelenç etmeklerine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine gerek bolan D witamin mukdaryny almak üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 10:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň, 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem zerurdyr. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizligiň ukynyň bozulmagynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir.

Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başyňa başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen, suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde, bedendäki deňagramlylyk bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Munuň özi insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak üçin mineral suwlary ýa-da arassa agyz suwuny 2,5 — 3 litre golaý içmelidir. Şeýle howa şertlerinde başga-da peýdaly içgiler bar. Olardan:

Alymlar adama günüň dowamynda 2-3 litr suw içmeli diýýärler. Muňa garamazdan, yssy howada suwy köpräk içmeli. Adam saglygyna ýönekeý suwdan başga-da peýdaly içgiler bar.

Gök çaý. Bu içgi yssy howada teşneligi örän oňat gandyrýan içgi. Ol, ýürek-damar hem-de osteoparoz keselleriniň öňüni alýar. Çaýdaky antioksidantlar adamy täze döremelerden goraýar. Ondaky kofein bedeni janlandyrýar, gan basyşyny kuwwatlandyrýar. Gök çaýdaky tanin aşgazan-içege kesellerinde peýdaly, ondan başga-da çaýda ftor bar, ol hem dişleri we süňkleri berkidýär. Çaýy ýatjak bolanyňda içmeseň gowy, sebäbi ol ukynyň bozulmagyna eltip biler.

Kakao. Adamyň ýaşaýyş tonusyny galdyrýar we keýpini gowulandyrýar. Bu içgide teobramin serişdesi bar, olam deriniň maýyşgaklygyny ýokarlandyrýar we üsgülewügi köşeşdirýär. Bu içginiň düzüminde gant bar, şonuň üçin artykmaç agramy bar adamlara ony içmek maslahat berilmeýär.

Itburunuň (şipownigiň) gaýnatmasy. Bu yssy howada adamlara zerur bolan C witamine baý içgi. Onuň umumy berkidiji täsiri bar. Sowuklamada we dümewde örän peýdaly içgi. Ony aşgazan-içege kesellerinde seresaply içmeli.

Tomat şiresi. Onuň düzüminde likopen bolansoň, agyz boşlugynyň, aşgazanyň, öýkeniň, bagryň, süýt mäzleriniň, ýatgy boýunjygynyň, täze döremeleriniň döremeginiň töwekgelçiligini peseldýär. Ol ýürege-de peýdaly.

Limon suwy. Ýönekeý suwa limonyň şiresi bilen baly garyp, irden açöze içseň, örän peýdaly. Bu içgä professor Nikolaý Drozdow “Meniň keýpimiň syry” diýipdir. Ol içegeleriň işine kömek edýär, bedene güýç-kuwwat berýär. Tomusda ol has hem peýdaly. Içgi sary gaýnamada, allergiýalarda maslahat berilmeýär.

Pyrtykal şiresi C witamininiň ýene-de bir çeşmesidir. Ol immunitetiňi berkidýär, ýadawlygy aýyrýar. Düzüminde foliý turşusy bolansoň, göwrelilere has hem peýdaly. Foliý turşulygy göwredäki çaganyň dogry ösmegi üçin zerur. Gürrüň gaplanan şireler barada gidenok, öz eliň bilen sykylyp alynan şireler barada gidýär. Ony bir bulgurdan köp içmeli däl. Aşgazan kesellerinde seresap bolmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň