Turkmenportal logo
20.05.21
15201520
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogy ― 2021. Ýazguly Hojageldiýew: «Bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar»

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň üçünji tapgyryndaky «Nasaf» ― «Altyn asyr» duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew we toparyň kapitany Ahmet Ataýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.


Ilkinji sowallar baş tälimçä berildi:


― Öňdäki duşuşyk barada pikirleriňizi beýan edäýseňiz.


― Toparçanyň ykbaly ahyrky oýunda çözüler. Bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar. Şonuň üçin diňe ýeňşe ymtylarys. Oýnuň nähili geçjekdigini bolsa ertir göreris.


― «Altyn asyr» birinji oýunda 9 futbolçy bilen 11 futbolçynyň garşysyna oýnady. Ikinji oýundaky «trillere-de» ählimiz şaýat. Siziň toparyňyza hormatymyz ýokary, ýöne, näme üçindir, oýunda özüňize kynçylyk döredýärsiňiz. Soňra-da emele gelen ýagdaýdan baş çykarmaga synanyşýarsyňyz. Ýöne «Nasaf» beýle ýalňyşlyklary bagyşlamaz.


― Käbir oýunlar bolýar, olardan öň bir zat aýtmak kyn. Bize ertir hem şeýle oýun garaşýar. Ähli futbolçylarymyz maksada anyk düşünýär. Şonuň üçin haýsydyr bir oýun barada näçe gürrüň edilse-de haýry ýok. Bizde resmi duşuşyklar ýeterlik däldi. «Alaý» bilen bolan oýunda bolsa ýeňşi soňky minutlarda gazandyk. 11 metrlik jerime urgusyndan gol geçirmek bize başartdy.

― Ertir sizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar. «Nasafa» bolsa deňlik hem ýeterlik. Şonuň üçin ertir «Altyn asyrdan» hüjüme ýykgyn edýän oýuna garaşyp bolarmy?


― Ýogsamam, ýeňiş gazanmak üçin hüjüm etmek gerek. Emma biz oýuny ýagdaýa görä alyp bararys. «Nasafy» deňlik kanagatlandyryp biler, ýöne deňlik iki topar üçin hem üstünlik däl. Näme boljakdygyny ertir oýun görkezer.


― «Hujand» bilen bolan oýunda iki futbolçyňyz gyzyl kart aldy. Olaryň biri bolsa iki sany sary kartdan soň meýdan çykaryldy. Ertir ony «Nasaf» bilen boljak oýunda meýdanda görüp bilerismi ýa-da oňa jeza berdiňizmi?


― Ýok, hiç hili jeza bermedik. Ýöne ertir onuň oýna gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny häzir aýdyp bilmerin.


― Gysga wagtlyk ýaryşlarda eminden iki oýunlyk jeza almak gjuda çynlakaý jeza dälmi?
― Biz bolup geçen zatlar hakynda däl-de, ertirki oýun üçin söhbet etmäge ýygnandyk. Bu ― biziň tapan kadamyz däl.


Baş tälimçiden soňra toparyň kapitany Ahmet Ataýew hem duşuşyk barada pikirlerini beýan etdi:


― Ertir bize ýeňşiň näderejede möhümdigine düşünýäris. Biz onuň üçin ahyryna çenli göreşeris. Hemme kim bizden ýeňşe garaşýar.