Turkmenportal logo
09.05.21
75877587
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy

Hytaý stansiýasynyň modulyny orbita sanjym eden Long March-5B daşaýjy raketanyň («Çançžen-5B», CZ-5B) sarp edilen galyndylary Hindi ummanynyň atmosferasyna girdi.


«9-njy maýda ir sagat 10:24-de «Çançžen-5B kysymly raketanyň ikinji tapgyrynyň galyndylary Ýeriň atmosferasyna girdi. Onuň gury ýer zonasy 72.47 °E, 2.65 °N. gradusda ýerleşýär» diýip, Hytaýyň kosmos edaralary tarapyndan habar berildi.


Galyndynyň gury agramy 18 tonna, beýikligi 33,2 metre, diametri 5 metre ýetýär. «Çançžen-5B»-niň kömegi bilen Hytaýyň Milli kosmos dolandyryş gullugy aprel aýynda milli kosmos stansiýasynyň esasy modulyny orbita çykardy.ф