Soňky habarlar

Arhiw

Mary atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygy geçirildi

23:2522.04.2021
0
8139

Şu gün Marynyň atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Ýaryşyň meýilnamasyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly çapyksuwarlaryň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk girizildi.

1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bolan ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda Daşoguz atçylyk sport toplumynyň Mähek diýen bedewini çapan B.Mämmedow ýeňiji boldy.

Soňra welaýatlaryň her birinden we Aşgabat şäherinden ussat çapyksuwarlar gezekli-gezegine 1200 metr aralyga bellenen 6 çapyşyga gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli Beglerim (çapyksuwary B.Begliýew) diýen at, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gaýra diýen at (“Türkmengaz” döwlet konserni, çapyksuwary I.Tirkeşbaýew), Daşoguz welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gardaşym diýen at (Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligi, çapyksuwary B.Berdimuhammedow), Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda Keýmir diýen bedew (Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirligi, çapyksuwary M.Tejenow), Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda Dorbürgüt diýen at (“Marygazüpjünçilik” kärhanasy, çapyksuwary B.Agamyradow), Aşgabat şäheriniň bedewleriniň arasynda Leýlisaç diýen bedew (Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, çapyksuwary B.Babalyýew) pellehana ilkinji bolup geldiler.

Jemleýji, 8-nji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşa haýsy at bilen gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Mary döwlet athanasynyň Kadaly diýen aty bellenen 1000 metr aralygy 1 minut 11,1 sekuntda geçmegi başaryp, pellehana ilkinji bolup geldi.

Baýramçylyk ýaryşlarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň