Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» şereketi «iPad Pro» planşetleriniň täze neslini hödürledi

11:3321.04.2021
0
5932

«Apple» şereketi tehnologiýa önümleriniň ýazky tanyşdyrylyşynyň çäginde planşet kompýuterleriniň bäşinji neslini — «iPad Pro» enjamyny görkezdi. Täze «iPad Pro» planşeti «Apple M1» prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr.

Uly «iPad Pro» planşetiniň matrisasy, adaty OLED displeýleriniň kemçiliklerinden mahrum bolan miniLED atly ynkylap tehnologiýasy bilen ýasaldy. «Liquid Retina XDR» displeýleriniň ýagtylygy 1000 nit.

«Apple» şereketi tarapyndan berlen beýana görä, «Apple M1» prosessor bilen enjamlaşdyrylan planşetler bazardaky tizligi iň ýokary enjamlardan, hatda hasaplaýyş güýji taýdan köp kompýuterlerden öňe geçýär.

«iPad Pro» planşetleriniň daşaýjysynyň iň ýokary kuwwaty 2 TB, «USB-C» porty «Thunderbolt 4» tehnologiýasyny goldaýar.

Bäşinji nesil «iPad Pro» planşetleriniň bäşinji nesil (5G) ykjam ulgamlarynda işlemegi goldaýan görnüşi bolar. Ýene bir täzelik, «iPad Pro» planşetleriniň täze 12 MP-lik öňdäki kamerasy bar.

Täze nesil planşetleriň satuwy maý aýynda başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň