Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly welosportçular Gökderede türgenleşýär

10:0419.04.2021
0
4848

Şu günler Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Gökdere jülgesinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. 42 günläp dowam etjek türgenleşiklerde milli ýygyndymyza tälimçi Nargeldi Igdirow ýolbaşçylyk edýär.

Bu türgenleşikler türkmen welosportçularynyň şu ýylyň 13 ― 17-nji oktýabry aralygynda Welotrek boýunça Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna taýýarlygyň bir tapgyrydyr. Her gün birnäçe kilometr uzaklyga welosiped sürýän türgenlerimiz taýýarlygy trenažor zallaryndaky fiziki maşklar bilen hem dowam etdirýärler.

Türgenleşiklerde türgenleriň welosiped sürüş tizligini artdyrmagy maksat edinýän maşklara aýratyn üns berilýär. Bu bolsa welotregiň esasy şertleriniň biridir. Şeýle olansoň, bu ýerde ozal geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda welosipedçiler jemi 3 müň kilometr çemesi ýoly ýokary tizlik bilen geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň