Şu günler Daşkentde (Özbegistan) agyr atletika boýunça geçirilýän Aziýa çempionatynda türkmen türgeni Seýitjan Mirzaýew ştangany silterläp götermekde kümüş medal eýeledi.
25 ýaşly türgen bu üstünligi 61 kilogram agram derejesinde çykyş eden 15 türgeniň arasyndan saýlanmak bilen gazandy. Ştangany silterläp götermekde Mirzaýew ikinji (133 kg), itekläp götermekde altynjy (150 kg) netijäni görkezdi. Iki görnüş boýunça 283 kilogram netije görkezip, ildeşimiz 286 (130+155) kilogram agramy göteren we bürünç medalyň eýesi bolan ýaponiýaly Ýoiti Btokadzudan iki kilogram yza galyp, bäşinji orny eýeledi. Kümüş medala jemi götereni 286 (125+161) kilograma barabar bolan ( Al Salim (Saud Aräbystany) mynasyp boldy. Altyn medaly bolsa hytaýly Li Fabin (312(142+170) aldy.
55 kilogram agram derejesindäki aýallaryň arasyna Türkmenistandan Kristina Şermetowa çykyş edýär. OL iki görnüş boýunça 198 kilogram agram göterip, ýedinji netijäni görkezdi.