Soňky habarlar

Arhiw

Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda ýedinji orny eýeledi

21:5017.04.2021
0
14461

Şu gün Daşkent şäherinde (Özbegistan) Aggyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatyna badalga berildi. Bu çempionatda gazanyljak medal türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini artdyrar.

Ýaryşyň ilkinji gününde 49 kilograma çenli agram derejesinde yklym çempiony belli edildi. Mälim bolşy ýaly, bu agram derejesinde ýurdumyza dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa wekilçilik etdi.

Ýöne ildeşimiz bu gezek garaşylan netijäni görkezip bilmedi. Onuň gazanan netijesi diňe ýaryşyň ýedinji basgançagy üçin ýeterlik boldy.

Bu agram derejesinde altyn medala hytaýly türgen Hou Çžihueý mynasyp boldy. Ikinji orny onuň watandaşy Szýan Hueýhua eýeledi. Hindistanly Çhanu Saikhom Mirabai bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günden hem az wagtyň galandygyny ýatladýarys.

Agyr atletika. Aziýanyň çempionaty. Daşkent

Zenanlar. 49 kilograma çenli

1. Hou Çžihueý (HHR) ― 213 (96+117).

2. Szýan Hueýhua (HHR) ― 207 (89+118).

3. Çhanu Saikhom Mirabai (Hindistan) ― 205 (86+119)…

7. Ýulduz Jumabaýewa (Türkmenistan) ― 173 (75+98).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň