Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň goragçy bilen şertnama baglaşdy

23:5015.04.2021
0
9004

«Altyn asyr» çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi bolan «Ahalyň» güýçli futbolçylarynyň birini ― goragçy Güýçmyrat Annagulyýewi düzümine goşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi ýagdaýda habar berdi.

24 ýaşly goragçy karýerasynda «Ahaldan» başga-da «Nebitçi» we «Aşgabat» futbol toparlarynda hem çykyş etdi. Geçen möwsümde bolsa «Ahalyň» düzüminde Ýokary liganyň, Türkmenistanyň kubogynyň we Naýbaşy kubogyň duşuşyklaryna gatnaşdy. Üç ýaryşda 26 duşuşyga gatnaşan goragçy şolarda 2300 minutdan gowrak wagt meýdanda boldy.

2018, 2019-njy ýyllarda «Ahal» bilen AFK-nyň kubogy ugrundaky duşuşyklara hem gatnaşan futbolçy ýurdumyzyň milli ýygyndysynda dört duşuşyk geçirdi. Şol sanda 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýanyň kubogyna hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň