Top.Mail.Ru

Hüjümçi Didar Durdyýew «Ahala» goşuldy

22:5630.03.2021
0
8804

Hüjümçi Didar Durdyýew «Ahal» bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Türkemnistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

27 ýaşly hüjümçiniň soňky çykyş eden topary Özbegistanyň «Maşaly» bolupdy. Ol geçen ýyl Super ligada 5 duşuşyga gatnaşdy.

Şu ýylyň gyşynda «Kokand 1912» we «Buhara» toparlarynda hem gözden geçirilen futbolçy karýerasyny ýene-de Türkmenistanda dowam etdirer.

Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň uçurymy bolan Didar Durdyýew ýurdumyzda «Aşgabat», «Altyn asyr», «Hazyna» we «Ahal» futbol toparlarynyň köýnekçesini geýdi. Onuň 2019-njy ýylda «Ahal» bilen ýurdumyzyň wise-çempiony we 14 gezek tapwutlanyp, şol möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolandygyny hem ýatladýarys.

Didar Durdyýew Türkmenistanyň futbol ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylda Rumyniýa bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň