Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan Ilatymyza hödürlenýän hyzmatlar üçin kabul edilýän tölegleriň täze görnüşlerini hödürleýär

17:0716.03.2021
0
26435

Jemagat hojalygy, aragatnaşyk we beýleki hyzmatlar üçin tölegleri mundan beýläk uzak aralykdan, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň web sahypasynyň üsti bilen töläp bolýar.

Bu täze hyzmat wagtyňy tygşytlamaga, birnäçe düwmeleri basmak arkaly töleg etmäge hem-de töleg barada kepilnama almaga mümkinçilik berýär.

Elektron görnüşde töleg etmek üçin ilki bilen şahsy maglumatlaryňyzy we telefon belgiňizi girizmek arkaly şahsy otagda bellige alynmaly. Soňra degişli bölümi saýlap, bellenilen nusgany doldurmaly.

Şeýle hem hyzmatlaryň ähli görnüşleri üçin tölegleri «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde nagt we nagt däl görnüşde ýa-da «Çapar» mobil goşundynyň üsti bilen töläp bolar. Bu programmany Google Play-den ýükläp alyp bolar.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň web sahypasynyň we mobil goşundynyň üsti bilen ýerlerdäki poçta aragatnaşyk bölümlerinde şu aşakdaky tölegleri we amallary ýerine ýetirip bolýar:

  1. PÝGG jerimeleriniň töleglerini tölemek;
  2. Awtoulagda jerimeleriň bardygyny barlamak;
  3. Jemagat hyzmatlaryna töleg etmek;
  4. Elektrik energiýasy üçin töleg etmek;
  5. Suw üçin töleg etmek
  6. Altyn Asyr mobil operator hyzmat üçin töleg etmek;
  7. AŞTU we Türkmentelekom internet hyzmaty üçin töleg etmek;
  8. IP telewideniýe, AŞTU şäher telefon ulgamy üçin töleg etmek.

Kompaniýanyň web sahypasyndan ýurdumyzyň çägindäki ähli poçta bölümleriniň telefon belgilerini, salgylaryny we iş tertibini bilip bolýandygyny ýatladýarys.

Goşmaça maglumat boýunça 075 belgä jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň