Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aýdym-saz sungatynyň türkmen we azerbaýjan wekilleri bilelikde onlaýn-konsert berdiler

09:4516.03.2021
0
905

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Azerbaýjanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan onlaýn-konsert guradylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Konsert 12-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda boldy. Wideoaragatnaşygy arkaly oňa Bakuwyň Uzeir Gajibekow adyndaky saz akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary aýdym-saz çäresine gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendiler. Olaryň çykyşynda aýdym-saz gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegine üns berildi, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Konsert türkmen sazandalarynyň Gara Garaýewiň, Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň eserlerini ýerine ýetirmegi bilen açyldy. Wokal hünärinden 4-nji ýyl talyby Aziza Agamyradowa Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Şasenemiň ariýasyny ussatlarça aýtdy. Aýdymçynyň mahmal soprano owazy saz frazalarynyň intonasion çeperligini nygtady.

Konserwatoriýanyň kirişli saz gurallary orkestirniň zehinli sazandalary, halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýeleri Bahram Dolyýew, Aýbölek Muhyýewa, Tahyr Ataýew, Kakageldi Hojalekow dagy Nury Halmämmedowyň Kirişli saz gurallary kwartetiniň 2-nji bölümini ýertine ýetirdiler.

Baku saz akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby Nigýar Askerowa F.Amirowyň «Azerbaýjanym» aýdymyny aýdyp, azerbaýjan halkynyň saz döredjiligi älemine syýahatyň başyny tutdy. T. Kuliýewiň «Buýsanma» liriki wokal eserini 4-nji ýyl talyby, halkara bäsleşikleriniň laureaty, tenor Rza Hosrowzade hoş owazda ýerine ýetirdi.

Bakuwyň saz akademiýasynyň magistraturasynyň 2-nji ýyl talyby, halkara bäsleşikleriniň laureaty Medine Agaýewa ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň «Balladasyny» çeper tilsimlerde çaldy. Pianinoçy gyz saz leksikasynyň baý röwüşlerini, Halmämmedowa mahsus ekspressýany, ajaýyp sazy çeper usulda ýerine ýetirdi.

Türkmen we azerbaýjan sazandalaryny hem diňleýjilerini birleşdiren döredijilik wideoköprüsi iki dostlukly ýurduň saz sungatynyň taryhyny we häzirki zaman ösüşiniň ugurlaryny, onuň özboluşly däplerini saklap galmak we baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan uly möçberli işleri çeper saz dilinde beýan etmäge mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň