Turkmenportal logo
12.03.21
149335149335
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maryda 2020-nji ýylda çagalara iň köp dakylan adaty bolmadyk atlar
Maryda 2020-nji ýylda çagalara iň köp dakylan adaty bolmadyk atlar

Mary raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny (RÝNÝ) hasaba alyş edarasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylda welaýatda täze doglan çagalara iň köp dakylan atlar barada «Türkmenportalyň» welaýat boýunça habarçysyna maglumat berdiler. Maglumata görä, Alyhan we Aýnur atlary geçen ýylda doglan çagalara iň köp dakylan atlar boldy.


TOP-5 oglan atlaryna Muhammedaly, Selim, Osman, Emir, gyz atlaryna Medina, Aýperi, Melek, Nurana atlary hem girdi.


2020-nji ýylda täze doglan gyzlara Aýgül, Merýem, Aýşa, Aýmelek, Hatyja, Meňli, Jennet, Züleýha, Elif, Humaý, oglanlara bolsa Süleýman, Abdyrahman, Emin, Dawut, Omar, Serdar, Rahym, Arslan, Ahmet, Kemal, Ýusup, Ýunus atlary hem köp dakyldy.


Şeýle-de 2020-nji ýylda doglan gyzlara käbir seýrek we adaty bolmadyk Zyýada, Ariýana, Milana, Zübeýda, Zeýnep, Şeýda, Ýewangelina, Enara, Gülpam, Halima, Sofiýa, Günel, Pamyk, Elwan, Ameliýa, Rabiýa, Sara, Sada, Ýasar, Aýlin , Esmanur, Ülker, Saýida ýaly atlar dakylan bolsa, oglanlara Mejit, Emil, Keramat, Gudrat, Seljuk, Tarhan, Salamat, Bilal, Salyh, Habib, Eýup, Dana, Amir, Elman, Nuran ýaly atlar dakyldy.


Käbir ene-atalar täze doglan çagalara Ogulgerek, Güljemal, Orazgül, Annageldi, Nurmuhammet, Jumamyrat ýaly goşma atlary hem dakdylar.


Şeýle-de okaň!


Aşgabadyň 140 ýyllygynyň bellenilýän güni ilkinji doglan çagalara dakyljak atlar belli boldy


Çaga dogulanda we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryna bolan hukuk


Şeýle-de tomaşa ediň!


Çaga doglanda berilýän Döwlet kömek puly barada