Koreýa Respublkasynda koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjyma başlandy

14:5026.02.2021
0
4293

Koreýa Respublikasy koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjyma şu gün – 26-njy fewralda başlady.  Bu barada «rg.ru» web sahypasy habar berýär.        

Koreýa Respublikasy «COVID-19» sanjymynyň dört görnüşi –  «AstraZeneca», «Pfizer», «Moderna» we «COVAX» sanjymlary getirildi.  Umuman aýdanyňda, ýurt 79 million adama ýeterlik sanjym aldy. Ýurduň ilatynyň 52 milliondan geçmeýändigini göz öňünde tutup, Seul alan sanjymlaryny KHDR bilen paýlaşjakdygyny mälim etdi.

Köpçülikleýin sanjym birnäçe tapgyrda amala aşyrylar we mugt hem meýletin bolar. Mundan başga-da, ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlulara mugt sanjym ediler. Hünärmenleriň bellemegine görä, ýurduň ilatynyň 70 göterimine şu ýylyň noýabr aýyna çenli sanjym ediler. Bu bolsa koronawirus ýokançlygyna garşy  uly immunitet döreder.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň