Turkmenportal logo
24.02.2021
12111211
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan dini liderleriň gurultaýyny 2022-nji ýylda geçirmekligi meýilleşdirýär

Gazagystanda 2021-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen Dünýä we adaty dinleriň ýolbaşçylarynyň gurultaýy 2022-nji ýyla yza süýşürildi. Bu barada Gazagystanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisnde Premýer-ministr  Askar Mamin habar berdi.


Ol: «Dünýä we adaty dinleriň ýolbaşçylarynyň gurultaýy 2022-nji we 2025-nji ýyllarda geçiriler.» - diýip belledi.


«Express-k.kz» web sahypasynyň habaryna görä, Gazagystanda Dünýä we adaty dinleriň ýolbaşçylarynyň gurultaýy 2003-nji ýyldan bäri ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen geçirilýär.