Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýar

15:0823.02.2021
0
949

Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Welotrek boýunça nobatdaky dünýä çempionatyna Nargeldi Igdirowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Neşirde-de ýazylyşy ýaly,  milli ýygyndymyzyň wekilleri her gün irden Köpetdagyň eteginde şosse boýunça 60 — 80 kilometrlik menzili geçip, öýlän bolsa Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda türgenleşik işlerini alyp barýarlar.

Türkmenistan şu ýyl taryhynda ilkinji gezek welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Çempionat 13 ― 17-nji oktýabr aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň Welotrek sport toplumynda geçiriler.

Ýakynda bu ýaryşyň resmi nyşanynyň we milli ýygyndymyzyň ulanjak welosipedleriniň, geýjek sport lybaslarynyň nusgalarynyň tassyklanandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň